Watançylyk owazlary

27 Ýanwar 2021
2308

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli guralan aýdym-sazly dabaralar, maslahatlar, medeni çäreler giň gerim aldy. Bu çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde, baýramçylyk ruhunda geçirilmek bilen, Watan mukaddesligini, il abatlygynyň gadyr-gymmatyny, ähmiýetini has-da dabaralandyrdy. Ýaňy-ýakynda şeýle dabara podpolkownik Hojaguly Aşyrowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde, hormatly Prezidentimiziň atasy, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýmak çäresi bilen başlandy. Soňra TMÝG-niň Gökdepe etrap geňeşiniň guramagynda TGM-niň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň, Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň, garnizonyň şahsy düzüminiň gatnaşmaklarynda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän Medeniýet köşgünde «Watan — ýüreklerde, dillerde aýdym, her gysym topragyn mukaddes saýdym» atly baýramçylyk konserti geçirildi. Baýramçylyk konsertinde joşgunly aýdym-sazlara, buýsançly söhbetlere giň orun berildi. Olarda ýerine ýetirilen aýdymlar döwrümiziň belent ruhy bilen utgaşyp, watansöýüjilige, merdi-merdanalyga, edermenlige, gaýduwsyzlyga, ata-babalarymyzyň mertlik mekdebini mynasyp dowam etdirmäge çagyryş bolup ýaňlandy.

Bulardan başga-da, Gökdepe etrap harby wekilligi hem-de TMÝG-niň etrap geňeşi bilelikde garnizonyň çäginde ýerleşýän harby bölümlerde gulluk borçlaryny ak ýürek bilen ýerine ýetirýän harby gullukçylaryň öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna baryp, olary Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gutlap, baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdylar.

Baýrammämmet SÄDIÝEW,
maýor.