Buýsançly başlaryň bezegi

27 Ýanwar 2021
1829

Heniz mekdepde okaýarkak, mugallymymyz türkmen telpekleriniň Orhan-Ýeniseý daş ýazgylarynda şekillendirilen çapyksuwarlaryň başlarynda hem bardygy hakynda gürrüň beripdi. Halkymyzyň buýsanjy we mertebesi, milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan telpekler birnäçe asyrdan bäri meşhurlygyny ýitirmän gelýär.

Telpek jöwzaly yssydan, ýagyşdan-gardan, ýelden goraýar. Olaryň görnüşleri we reňkleri adamlaryň ýaşyna, jemgyýetdäki eýeleýän ornuna we belli taryhy döwre görä kesgitlenilýär. Çagalaryň telpegi agymtyl-çalymtyl baganadan bolýar. Ýetginjeklere we ýaş ýigitlere tokly derisinden açyk reňkli telpekler tikilýär. Orta ýaşly adamlar çal hem-de goňrumtyl reňkli, sütügi o diýen ösgün bolmadyk gaba telpekleri, ýaşulular ak, garamtyl-goňur ýa-da şar gara, tüýüniň buýralary seçelenip duran telpekleri geýýärler.

Gülşirin NAZAROWA,
Halaç etrabyndaky 24-nji «Abadan» çagalar bagynyň terbiýeçisi.