Kitaphana — hazynalar ummany

26 Ýanwar 2021
2865

Türkmen halkynyň juda baý taryhy ýoly bar. Halkymyz uzak geçmişden bäri ähli ugurlarda, hususan-da, ylymda-bilimde, sungatda, medeniýetde özüni tanadyp, dünýä sungatyna we medeniýetine uly goşant goşupdyr. Geçmişde türkmen topragynda döredilen döwletlerde ykdysadyýete, sungata we medeniýete uly üns berlendigini alymlar tassyklaýarlar. Ylym-bilim ummanynyň egsilmez çeşmesi hökmünde bu döwletlerde kitaplar we kitaphanalar meselesine uly üns berlipdir. Birnäçe bilim ojaklarynyň we kitaphanalaryň giňden ýaýran ýeri hem Köneürgençdir.

Köneürgençde türkmenleriň meşhur hökümdarlarynyň biri Atsyz kitaphana döredipdir, ondan alymlar peýdalanypdyrlar. Atsyz kitaphanany 1142-nji ýylda döredipdir diýip çaklanýar we ol bir asyra golaý wagt alymlara we köpçülige hyzmat edipdir. Köneürgenji beýik derejä ýetiren Tekeş XII asyryň 80-nji ýyllarynda uly medrese we onuň ýany bilen kitaphana esaslandyrypdyr, olar köp ýyllaryň dowamynda hyzmat edipdir. Köneürgençde we onuň çäklerinde Muhammet şa tarapyndan hem birnäçe medreseler we kitaphanalar gurlupdyr. Mundan başga-da, gadymy Köneürgençde Reşit Etdin Watwatyň, Şeýh Nejmeddin Al-Kubranyň, Ymam Şyhabeddin Al-Hywakynyň kitaphanalary bolupdyr. Bu kitaphanalar köp alymlaryň kemala gelmeginde uly orun tutupdyr we köpçülige hyzmat edipdir.

Aýnabat ALLAGULYÝEWA,
Tagtabazar etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy.