Her ýylda bir sowal

21 Ýanwar 2021
1406

Soltansöýün  Myralydan mydama sözde basylar ekeni. Bir gün şoňa gahar edip, bir ýol bilen gepde ýeňmegiň pikirini edýär. Ondan soň Myralyny ýanyna çagyryp:

— Men saňa iki sowal berjek, şolara dogry jogap bermeseň, eýgilik tamasyny etme.Özem sowallary aýry-aýrylykda, hersini bir ýylda sorajakdyryn. Birinji sowal «Sen näme iýýärsiň?» — diýipdir.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndan.