Ýürekde ýaşaýan ýatlamalar

20 Ýanwar 2021
1845

Bir gezek meşhur aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanow ýörite konsert bermäge geldi. Onuň balkanabatly şahyr hem-de kompozitor Ýemreli Tuwakowyň sözlerine «Öz ilimiň gojalary» diýen aýdymy ürç edip aýdýan döwürleridi. Ol haýallyk bilen ädimläp, gezelenç etmegi gowy görerdi. Konsertiň öňüsyrasynda biz telewideniýäniň giň howlusynda gezelenç edip ýördük. A.Atdanow howalanyp duran Uly Balkan dagyna nazar aýlady-da: «Bilýärmiň näme, biziň gözel tebigatymyz bar. Ýaradan beripdir. Dag ýerinde dagymyz, çöl ýerinde çölümiz, deňiz ýerinde deňzimiz bar» diýip, buýsanç bilen aýtdy. «Şeýle ajaýyp mekanymyzyň bardygy sebäpli, zehinler bizde döreýär ahyry!» diýip, men hem söze goşuldym. Şonda ol: «Nesip bolsa, zehinli nesiller dowamly bolar» diýip, özüne mahsus sadalyk bilen mylaýym ýylgyrdy.

*  *  *

Tahyrmämmet GARAÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.