Taryhy wakalara beslener

18 Ýanwar 2021
2045

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda halkymyz belent ösüşlere we üstünliklere beslenen “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen 2020-nji ýyly şanly Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýy bilen dabaralandyryp, uly ynam hem ruhubelentlik bilen täze taryhy wakalara baý boljak “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň uludan belleniljek ýylyna gadam basdy.

Bitarap döwletimiziň jemgyýetçilik we döwlet-syýasy gurluşyny kämilleşdirmek, bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde her bir raýatyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýany mundan beýläk hem ýaýbaňlandyrmak, döwlet häkimiýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek üçin maksadalaýyk işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, milli Parlamentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň palatalary bolsa Halk Maslahaty we Mejlis diýlip atlandyryldy. Bu bolsa jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň bähbitlerini goramak üçin netijeli gural bolup hyzmat eder.