Dynç günleriniň birinde, ýaňy oýanan dessime hem-ä howany täzelemek, hemem «tebigatyň sesini diňläp, lezzet bilen çaý içeýin-le» diýen maksat bilen penjiräni açyp, daşaryny synlap otyrdym. Ejem çaý getirdi. Çaý içip otyrkam, penjiräniň iç tarapyna bir akja kepderi gelip gondy. Şeýle bir owadan kepderi. Onuň bilen gürleşesim gelip başlady. Näme üçindir, penjirämize gelip gonan guş hem bolsa, göwnüme, köpden bäri göresim gelen ýakynym gelip «gonan» ýaly boldy. (Ýogsam öňem daşarda ýa seýilgählerde töweregime gelip gonýan kepderiler seýrek däl). Täsin zatlaryň biri hem — ol menden ürkenok. Hawa, asla uçjagam bolanok. Menem onuň meniň ýanyma «ýöne ýere gelmedigini» aňdym-da, elimdäki çöregiň owuntyklaryny penjiräniň öňünde goýdum. Ol birbada çokjak ýaly hem boldy, ýöne onuň penjiräniň iç tarapyndan düşüp, halynyň üstünde ýuwaşjadan maňa tarap ýöräp gelşinden onuň aç däldigine düşündim.
Indiki aýtjaklarym biraz geňräk ýalyragam görüner welin... men oňa öz syrlarymy aýtmaga başladym. Kepderä örän öwrenişdim. Hamana öňden bäri tanaýan ýaly...