Zenan zehininden döreýän gözellik

12 Ýanwar 2021
2255

Göreniňde gözleriňi dokundyrýan gözellikleriň ençemesi ynsanyň zähmeti bilen kemala gelýär. Zenanlar hem gözellikleri döredijiler bolup, gözleriniň gören, göwünleriniň söýen ajaýyplyklaryny el işlerine, keşdedir gaýmalara geçirip, olaryň keşbini baky ýaşadýarlar.

Halkymyzyň pähim-paýhasyndan, eli çeper ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehin-yhlasyndan kemala gelen nepis halylardyr gülli keçeler, sünnälenip nagyşlanan milli lybaslar, inçelik bilen edilen el işleri hiç haçan bahasyny ýitirmejek milli gymmatlyklarymyzdyr. Gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän el işleriniň ählisi-de nepis sungat hasaplanylýar. Köz ýaly ýanyp duran keteni köýnegi, dürli nagyşlara beslenen çyrpydyr kürtesi, çabytdyr begresi owadanlygy bilen görenleri haýran edýär. Päk zähmetden kemala gelýän keşdelerde tebigatyň gözelligine gözellik goşýan müň dürli gülleriň keşbini görmek bolýar.

Dünýägözel ORAZOWA,
«Balkan».