Giň dünýäniň geň habarlary

1 gün öň
27

Ýylyň reňki

Täze ýylyň öň ýanynda Halkara «Pantone» institutynyň hünärmenleriniň gelen netijesine görä, «Mocha Mousse», ýagny «Mokka kofesiniň goýaltmasy» diýip atlandyrylan reňk öwüşgini ýylyň esasy reňki hökmünde yglan edildi. Goňur reňkiň adaty bolmadyk täsin öwüşgini inçe duýguçyllygyň we aňrybaş kaşaňlygyň sazlaşygyny özünde şöhlelendirýär. Institutyň kesgitleýän reňkine bütin ýylyň dowamynda dünýäniň nysak äleminde aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň bilen bir hatarda, institut tarapyndan ýylyň reňkine berilýän at hem bütin ýylyň ruhy halatyny, ylhamyny alamatlandyrýar.