Türkmenistan — Malaýziýa: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesi

18 sagat öň
14

Dostanalyk aslyýetinde agzybirlikdir abadançylyk ýaly ýagşy duýgulardan gözbaş alyp, halklary umumy bir bähbide gönükdirýär. Oňa biz 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň mysalynda hem şaýat bolduk.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan bilen Malaýziýany birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda iki ýurduň hyzmatdaşlygy halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar dürli ugurlarda, sol sanda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli pugtalandyrylýar. Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Malaýziýa 2011-nji, 2016-njy ýyllarda amala aşyran resmi hem-de döwlet saparlary, dostlukly ýurduň Hökümet Baştutanlarynyň 2014-nji, 2019-njy ýyllarda Türkmenistana bolan saparlary munuň aýdyň mysalydyr. Şol saparlaryň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýadyny emele getirýär.

«Esger».