Halkyň hazynasyndan

1 gün öň
39

Ömür ölçegi, heňňam hasaby

Çopanlar hakynda aýdylýan sözüň hakdygyna çölde mal yzynda gezýärkäk göz ýetirdik. Şol sapar uly il-ä Täze ýyly belläp, dynç alýardy. Biz bolsa adaty günlerdäki ýaly işläp, agşam naharyna çöküpdik. Ýanaw çopan ikimiz bu güni saçak bezäp geçirmeýänimize gynanyp, baş çopana içýakgyç soraglary ýagdyrdyk: “Öňki adamlar gazet-žurnal, radio-telewizor ýok wagty aý-gün hasabyny nädip ýöretdi-kä? Nädip baýram bellediler-kä?”.