Ösüşleriň hem üstünlikleriň ýyly

19 sagat öň
22

Täze taryhy döwrüň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly berkarar ýurdumyzyň ösüşlere beslenen, halkara abraý-mertebesiniň belende göterilen ýyly hökmünde ýadymyzda galar. Sebäbi taryhy ýylda bedew bady bilen öňe barýan döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyran ençeme önümçilik desgalary, halkyň abadan we bagtyýar durmuşyna gönükdirilen medeni-durmuş maksatly binalar gurlup ulanmaga berildi. Taryha girip barýan ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatlary esasynda durmuş goraglylygyna we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilen işleriň aýratyn üns merkezinde saklanmagy adam hakynda uly aladalaryň edilýändiginiň, oýlanyşykly durmuşa geçirilýän özgertmeleriň diňe halkyň bähbidinden ugur alýandygynyň açyk-aýdyň subutnamasydyr. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzda döredilen berk ykdysady binýat we durmuş ulgamynda ýetilen sepgitler Türkmenistanyň geljekki ösüşiniň hem ygtybarly  girewidir» diýen sözleri-de doly tassyklaýar.

Döwlet Baştutanymyzyň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň mekany bolan ata Watanymyzyň daşary syýasatda gazanan üstünlikleri üstümizdäki ýylyň taryhy wakalarynyň hataryny artdyrdy. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ençeme Kararnamalaryň kabul edilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk, dostluk, ynanyşmak ýörelgelerine ýugrulan ynsanperwer işleriniň halkara ykrarnamasydyr.

Begli MYRATGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.