Täze ýyl gijesi — jadyly gije

1 gün öň
31

Gyşyň ilkinji aýyna gadam basanymyzda, «Täze ýylyň şat toýy, // Bolmaz onuň deň-taýy» diýen setirler bilen başlanýan, çagalygymyzda aňymyzda galan aýdyma hiňlenip, Täze ýyl baýramçylygynyň ýakymly duýgularyna berilýäris. Bellenýän her baýramçylygyň özboluşly lezzeti bar.

Ýöne Täze ýyl baýramçylygynyň gowy dileglerden, täze arzuwlardan hem-de ertirden başlap hemme zadyň gowy boljakdygy baradaky uly ynamdan ybarat bolanlygy üçin bolsa gerek, onuň gadyry, uly-kiçi üçin tapawudy ýok, tutuş ynsanyýet üçin üýtgeşikligine galýar. Şonuň üçin bu günler ähli adam Täze ýyly garşylamaga uly taýýarlyk görýär. Köçelerimiz köpöwüşginli çyralar bilen bezelipdir. Baýramçylyk şowhunyny artdyrýan Täze ýyl arçalary ruhuňy göterýär, kalbyňda baýramçylyk duýgusyny oýarýar. Bu ajaýyp, şatlykly günlerde iň wajyp zatlaryň arzuwyny edýärsiň. Çar ýandan şadyýan çagalaryň gülki sesleri döwrümiziň bagtyýarlygynyň buşlukçysy bolup ýaňlanýar. Säherler şowhunly, gijeler asuda, töwerek-daşymyz bolsa aýdym-saz. Täze ýyl baýramynyň sagatsaýyn golaýlaşmagy çagalar bilen birlikde uly ýaşly adamlaryň hem şatlygyna şatlyk goşýar. Nesip bolsa, sanlyja günden birnäçe ajaýyplyklary peşgeş beren ýene bir ýyly ugradyp, täze-täze arzuwlar bilen täze ýyly garşylarys.

Akbäbek SATLYKOWA,
«Balkan».