Täze ýyl baýramçylygy diýlende, ilki bilen, al-ýaşyl öwüşginli arça, Aýazbaba bilen Garpamyk göz öňüňe gelýär. Eýsem, bu baýramçylykda hemmeleriň garaşýan arzyly myhmany — Aýazbabasy kim? Aýazbabanyň keşbinde çagalara şatlyk paýlamagyň ýakymy neneňsi? Ynha, şu sowallara jogap tapmak maksady bilen biz eýýäm birnäçe ýyldan bäri Täze ýyl baýramçylygynda baş gahrymanyň keşbinde çykyş edýän Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň baýry aktýory Jelaletdin Sultyýew bilen söhbetdeş bolduk.
— Jelaletdin, seni teatr sungatynyň muşdaklary zehinli aktýor hökmünde tanaýarlar. Ýöne welaýatymyzyň ýaşaýjylary üçin sen, ilkinji nobatda, Aýazbaba. Bu meşhurlyga özüň nähili garaýarsyň?