Aýdym-saz äleminiň parlak ýyldyzy

2 gün öň
37

«Haýsy ýurtda aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlanýan bolsa, şol ýurduň halky bagtyýardyr» diýlen aýtgy hut biziň ata Watanymyz, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hakynda aýdylan ýaly. Çar ýanda ýaňlanýan aýdym-sazyň owazy abadan durmuşymyzyň waspyny giň jahana ýaýyp, göwünlerimize galkynyş, ýüreklerimize joşgun eçilýär. Ynsanyň sungata, edebiýata imrinmesi owalbaşda ruhunyň belentligi, şahsyýetiniň kämildigi hem-de öz durmuşyndan göwnühoşdugy bilen berk baglydyr. Çünki ylham diňe şeýle ajaýyp ahwally adamlara hemişelik hemra bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen ýurdumyzda ýylyň-ýylyna geçirilýän döwlet derejeli döredijilik bäsleşikleri hem özboluşly ukyba eýe, aýratyn başarnykly, sungaty özüne ykbal saýlan täze-täze zehinleri ýüze çykarmakda edilýän tagallalardan gözbaş alýar. Onuň netijesinde bu gün milli aýdym-saz medeniýetimiz döwrebap öwüşginler bilen baýlaşyp, uly sahnalarda, şeýle-de dünýä derejeli dabaralarda diňlenmäge mynasyp sungat eserleri döreýär.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Nebit-gaz».