Şeýle bir adam bar...

2 gün öň
67

Şeýle bir adam bar — daglaryň aňyrsynda. Ýöne ýüregi welin, bärde — ata Watanymyz Türkmenistanda. Muňa onuň ýürek yhlasy we gara zähmeti bilen bitiren işleri şaýatlyk edýär. Olar şeýle bir köp, barmak büküp, sanap tükeder ýaly däl. Begenýän ýerim, dörän mümkinçilige görä, maňa şolaryň käbiri bilen tanyşmak miýesser etdi.

Dogrusy, daşyndan ýaşalýan öýe meňzäp duran jaýa girenimizde täsin bir dünýä düşen ýaly bolduk. Çene görä, ýetmişiň onlugyndaky ýaşuly adam öňümizden ylgap diýen ýaly çykdy-da, öwrenen endigi bolsa gerek, derrew gürrüňe başlamak bilen boldy. Onuň juda begenýändigini duýmak kyn däldi. Ýüzüni agraslyk gaplap alanam bolsa, juda begençli pursady başdan geçirýändigini çalaja titreýän sesi aýan edip durdy. Zol-zol «Alyň, çaý içip oturyň!» diýip, dürli-dümenden doly saçakdaky nygmatlardan hödür edýänem bolsa, onuň bar aladasy gürrüň bermek we özüniň berýän gyzykly gürrüňlerini diňletmekdi.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».