Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

22 Dekabr 2024
212

Oýun usullaryndan peýdalanmak

Çagalaryň matematika bolan höweslerini göz öňünde tutup, bu sapak boýunça körpeleriň işjeňligini artdyrmagy maksat edinýärin. Ýönekeý matematiki düşünjeleri öwretmek sapagyny çagalaryň iň gowy görüp okaýan, diňleýän ertekileriniň biri bilen utgaşdyryp alyp bardym. Bu bolsa sapagyň gyzykly bolmagy hem-de çagalaryň ýadamazlygy üçin täsirli boldy. Sapakda çagalara ertekileriň gahrymanlarynyň eşiklerini geýdirdim. Munuň özi, sapagyň has-da gyzykly hem-de bilim beriş derejesiniň ýokary bolmagyna kömek berdi. Şeýle-de çagalara erteki gahrymanlarynyň adyndan birnäçe gyzykly ýumuşlary berdim. Çagalara «Goňşy sany tap!», «Şekilleri ýerinde goý!», «Ýatdan hasaplaň!», «Çöplerden geometrik şekili düzüň!» ýaly birnäçe berkidiji oýunlary oýnatdym. Sapagyň oýun usulynda guralmagy çagalaryň işjeňligini, bilesigelijiligini, ýönekeý meseleleri çözmek başarnyklaryny kämilleşdirdi. Sapagyň täsirli serişdeleri çagalaryň aňynyň we sözleýiş diliniň, daşary ýurt dillerini dogry özleşdirmek başarnyklarynyň kämilleşmegine ýardam edýär.