Sagdynlygyň gözbaşy

22 Dekabr 2024
135

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanmak möhüm ähmiýet berilýän ugurlaryň biridir. Bu babatda häzirki wagtda ýurdumyzda dünýä nusgalyk işler bitirilýär. Ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ynsanyň ömrüni uzaltmak ýaly möhüm wezipeler «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgeleri ornaşdyrylýar, raýatlar ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilýär. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň dünýä derejesinde kämilleşdirilýändigine, halkara ülňülerine doly laýyk getirilýändigine güwä geçýär.

Häzirki wagtda zähmet bilen dynç alşy utgaşykly guramak, ilatyň döwrebap şertlerde saglyklaryny berkitmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda şypahana işini ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şypahanalar tebigy melhemler bilen häzirki zaman lukmançylygynyň täze gazananlaryny utgaşdyrmak bilen ynsanlara şypa berýär.

Allamyrat PATYŞAGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.