Döwlet gullukçysynyň guramaçylyk medeniýeti

21 Dekabr 2024
111

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda: «Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler biziň ählimizden jogapkärçilikli, yhlasly zähmet çekmegi, ýokary netijeleri gazanmagy talap edýär» diýip nygtamak bilen, eziz Watanymyzyň, häzirki we geljek nesillerimiziň öňündäki jogapkärçiligimizi nazara alyp, ýurdumyzyň häkimiýet edaralarynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi döwlet gullukçylarynyň hünär ussatlygynyň, häzirki zamanyň innowasion sanly tehnologiýalaryny öz işinde ulanmagy başarmagynyň, guramaçylyk medeniýetiniň we edebiniň wajyplygynyň barha artýandygyny hem tassyklaýar.

Mälim bolşy ýaly, «Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda döwlet gullugynyň hukuk we guramaçylyk esaslary, Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet gullugyna bolan hukuklaryny durmuşa geçirmeginiň şertleridir tertibi kesgitlenilýär. «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bolsa döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine, işewür sypatlaryna talaplary ýokarlandyrmaga gönükdirilen kadalar berkidilen. Şeýle-de Kanunda döwlet gullukçysynyň hünär işini mynasyp amala aşyrmagynyň tertibi, özüni alyp barmagynyň düzgünleri bellenilýär.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.