Yn­san­per­wer­lik ýo­ly bi­len

20 Dekabr 2024
30

Hal­ky­my­zyň yn­san­per­wer­lik, mä­tä­ji gol­da­mak ýa­ly mil­li ýö­rel­ge­le­ri tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Bu ba­bat­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň dö­re­dil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň: «Gaz­na­nyň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na ho­wan­dar­ly­ga mä­täç köp san­ly ça­ga­la­ryň sag­ly­gy di­kel­dil­di. Biz bu iş­le­ri gel­jek­de-de do­wam et­di­re­ris. Mu­nuň üçin döw­le­ti­mi­ziň hem, gaz­na­nyň hem ýe­ter­lik se­riş­de­le­ri bar» di­ýip bel­le­me­gi-de, ýur­du­myz­da mun­dan beý­läk hem hal­ky­my­zyň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len yn­san­per­wer­lik, mä­tä­ji gol­da­mak ýa­ly mil­li ýö­rel­ge­le­ri­niň da­ba­ra­lan­dy­ryl­jak­dy­gy­nyň aý­dyň gü­wä­si­dir. Gaz­na­nyň ha­sa­by­na top­lum­la­ýyn sa­gal­dyş-di­kel­diş be­jer­gi­le­ri ge­çi­ri­len ça­ga­la­ryň en­çe­me­si hä­zir­ki wagt­da sag­dyn, bag­ty­ýar dur­mu­şyň hö­zi­ri­ni gör­ýär­ler.