Türkmen tälimçisi azerbaýjan toparyny dünýäniň iň güýçli klublarynyň 500-ligine girizdi. Has takygy, Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) tarapyndan noýabr aýynyň jemleri boýunça yglan edilen klublaryň arasyndaky dünýä reýtinginde Gurban Berdiýewden tälim alýan Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» topary 53,75 utuk bilen 496-njy basgançakdan ýer aldy. Ýeri gelende bellesek, «Turan-Towuz» häzirki wagtda Azerbaýjanyň çempionatynda 3-nji ýerde barýar.
Maglumat üçin, klublaryň arasyndaky täzelenen dünýä reýtinginde «Real» 388 utuk bilen liderlik edýär. Şeýle-de ilkinji üçlükde «Atalantanyň» (377 utuk) hem-de «Baýeriň» (370 utuk) ady bar.