Aýdyň maksatdan ugur alyp

18 Dekabr 2024
157

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda demokratik esaslaryň yzygiderli pugtalandyrylmagyna, halk häkimiýetliliginiň ýörelgeleriniň berkidilmegine, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna aýratyn orun degişlidir. Ol öz iş ugurlaryny ýurdumyzyň döwlet syýasatyny, maksatnamalaryny we hormatly Prezidentimiziň beýik tutumlaryny durmuşa geçirmäge, Garaşsyz döwletimiziň özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirýär. Ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitleri halkyň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat edip, halk köpçüliginiň işjeňligini artdyrmak, zähmetkeşleri ýokary öndürijilikli we döredijilikli işe höweslendirmek, geljege bolan ynamy, agzybirligi, jebisligi berkidip, mähriban Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize bolan çuňňur söýgini, beýik buýsanjy has-da ösdürip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, syýasy taýdan düşünjeli sagdyn ýaşlary kemala getirmek, ilatyň bähbidini goldap we gorap, agzybirligi üpjün etmek ugrunda giň gerimli işleri alyp barýar.

Biz geljekde hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň köpasyrlyk taryhyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek bilen, raýat jemgyýetiniň yzygiderli kämilleşdirilmegini gazanmak ugrunda yhlasly zähmet çekeris.

Toýguly GURBANOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy.