Bilim — kämilligiň açary

18 Dekabr 2024
111

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler esasynda mugallymçylyk ugrundan hünärmenleriň işjeň we döredijilikli işlemekleri üçin giň mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň mugallymlary ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, bilim derejesi häzirki zamanyň ylmy-tehniki gazananlaryna laýyk gelýän milli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen işleri ýokary depginde alyp barýarlar. Giň gerimli özgertmeleriň netijesinde bilim ulgamynyň dürli basgançaklarynda okatmagyň usullary, şertleri, hili düýpgöter üýtgedi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde okatmagyň has öňdebaryjy tehnologiýalary — täze kompýuterler, interaktiw tagtalar, internet ulgamyna birikdirilen dürli okuw-usulyýet enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap mekdepler hereket edýär.

Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleriniň döwrüň talabyna laýyk kämil bilimli bolmagyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri-de ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmakdyr. Bu babatda hormatly Prezidentimiz häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda we Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk ugrunyň geriminiň işjeň giňeldilýändigini nazara almak bilen, daşary ýurt dillerini okatmak boýunça wezipeleriň möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny nygtaýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmak işi okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň düzüm bölegi bolmak bilen, öňdebaryjy usulyýetler arkaly amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň ylym we bilim ugurlarynda geçirýän giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň işjeň okadylýanlygy aýratyn bellärliklidir. Şunlukda, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek derwaýys meseleleriň biri bolup durýar.

Sähragözel MÜRZÄÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň direktory.