Bilim — kämilligiň ak ýoly

18 Dekabr 2024
108

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ulgamyň hil derejesiniň ýokarlandyrylmagy bolsa jemgyýetimiziň ösüşleriniň esasy binýadydyr. Munuň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagynda, milli ykdysadyýetimiziň pugtalanmagynda hem ähmiýeti uludyr. Bular bolsa, öz nobatynda, döwletimiziň kuwwatyny artdyryp, onuň dünýä ýüzünde ornuny has-da berkidýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda milli bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny gurşap alan bu özgertmeleriň netijeleri guwandyryjydyr. Bilim ojaklarynda dünýä ülňülerine laýyklykda bilim-terbiýe berilmegi ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar nesilleriniň bilimler dünýäsine has-da çuň aralaşmaklaryna netijeli itergi berýär. Ýaş nesliň bilim alyp, ylym öwrenmegi, kitaby hemişelik hemra edinip, dünýägaraýyşlaryny giňeltmegi, öňdebaryjy tehnologiýalara ökdelik bilen erk etmegi, sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi munuň aýdyň subutnamalarydyr. Gazanylýan şunuň ýaly üstünlikler eziz Diýarymyzda döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlarymyza bilim-terbiýe bermegiň kuwwatly binýadynyň döredilendigini tassyklaýar. Munuň özi geljekde sowatly, kämil hünärmenleriň kemala gelmegi, ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşy üçin döredilen mizemez binýatdyr. Umuman aýdanyňda, bilim hemmetaraplaýyn kämillige ýetmegiň ak ýoludyr.

Azat BAÝRAMDURDYÝEW,
Gyzylarbat etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy.