Baý medeni-ruhy, kämil ahlak-edep, çuň mazmunly mirasymyzy gorap saklamakda, wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda döwrebap görnüşde baýlaşdyryp, nesillere geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasyndan kemal tapan nusgalyk eserleriniň uly ähmiýeti bardyr. Şol ajaýyp eserleriň ählisiniň içinden watansöýüjilik duýgusy eriş-argaç bolup geçýär. Bilim-terbiýeçilik edaralarynda guralýan okuw sapaklarynyň, geçirilýän her bir terbiýeçilik işleriniň hem-de medeni-köpçülik çäreleriniň hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň many-mazmuny bilen jebis baglanyşdyrylyp geçirilmegi ýaşlara berilýän döwrebap bilimleriň çuňňur ylmy esasda bolmagyny hem-de milli mirasymyza esaslanmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Bu eserler dürli daşary ýurt dillerine terjime edilip, ylmy taýdan öwrenilýär. Şol eserleriň biri-de Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly kitabydyr.
Bu kitabyň her bölüminde halkyň milli döwletlilik ýörelgesiniň özboluşly aýratynlygy, däp-dessurlarymyzyň many-mazmuny doly açylyp görkezilýär. Kitapda adam durmuşynda gabat gelýän ýagdaýlar, hadysalar, wakalar täsirli beýan edilýär. Taryhy çeşmelerden toplanan maglumatlar ylmy taýdan öwrenilip, rejelenip, has-da kämilleşdirilip, türkmeniň döwletlilik ýörelgesiniň esaslaryny düzmek bilen jemlenýär. Kitapda: «Taryh bize jemgyýetçilik durmuşyny seljerip, ondan tejribe almaga mümkinçilik berýär» diýlip bellenilýär. Birnäçe rowaýatlardan, tymsallardan ybarat bolan bu kitabyň «Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym» atly bölüminde adamlaryň özara gatnaşyklary, jemgyýetde tutýan orny barada söz açylýar.