Gözellige maýyl göwün

17 Dekabr 2024
117

Gözler hemişe gözellige maýyl, ol gözellikden ganmaýar. Näme üçindir gün üstüne ak don örtünen kert gaýaly daglaryň, ýaşyl begresli arçalaryň — baglaryň suratyny çekesim geldi. Birnäçe wagtlap yhlas bilen çeken suratymy dürli reňkler bilen reňkledim. Hiç neneň däl ýaly. Emma surat göwnümdäki ýaly gözel bolup bilmedi. Şol pursat «Tebigat — iň ökde suratkeş» diýen sözüň örän dürs aýdylandygyna ýene-de bir gezek göz ýetirdim. Men gözüm ganmaz tebigata çykdym-da, ony içgin synladym. Asman bilen Zemin bir-birine ýakynlaşan ýalydy. Asmandaky ak bulutlar Zemindäki ak gara owsun atýana meňzeýärdi. Bulutlaryň arasyndan jyklaýan Gün bolsa bu gözellige gözellik goşýardy. Has täsin ýeri bolsa, ýol gyralaryndaky dürli reňkli güller hem üstüne gar örtünip otyrdylar.

Asmanda ak bulutlar kerwen gurap süýşüp barsa, ýerdäki ak garlar kem-kemden Gün nuruna ereýärdi. Men bu gözelligiň entek-entekler saklanyp galmagyny isledim. Emma tebigatyň öz kadasy, öz kanuny bar. Ol ynsanyň isleglerine boýun egmeýär. Ol adamlary bagtly we bol bereketdir rysgaldan paýly etmegi başarýar. Tebigat biziň ata-enemiz mysalydyr. Ol bizi ekleýär, saklaýar, özüni söýdürýär, bize-de ummasyz söýgi bagyşlaýar. Ýeri onsoň, şol söýgini nädip suratda ýa-da aýdymdyr sazda beýan edip biljek?!

Şatlyk SAPAROW,
Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.