Sungat — köňülleriň joşguny

17 Dekabr 2024
157

Ýetip gelýän Täze ýylyň öň ýanynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda geçirilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry ruhubelentlige beslendi. Her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen aýdym-sazly dabaranyň maksady zehinleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Häzirki wagtda ýaşlaryň aýdym-saz medeniýetimize bolan gyzyklanmalary has-da artýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň ösmegi üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-saz sungaty barha kämilleşýär. Olaryň zehinlerini açyp görkezmeklerinde ýurdumyzda ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda aýdylanda, her ýylda geçirilýän bäsleşikleriň ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasyny, aýdym-saz medeniýetimizi baýlaşdyrmakda goşýan goşandy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

«Mugallymlar gazeti».