Sport baýramçylygyna öwrüldi

16 Dekabr 2024
110

Ak bugdaý etrabyndaky 2-nji orta mekdepde mekdep sport festiwaly geçirildi. Ýaş nesli bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen geçirilen çäre “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrap bilim bölümi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan guraldy.

Mekdep sport festiwalynyň barşynda oňa gatnaşmaga gelen okuwçy ýaşlar tanap çekmekde, woleýbolda, ýaglyga towusmakda, stol üstündäki tennisde özara bäsleşdiler, Okuwçy ýaşlaryň sporta höwesiniň we sport ussatlygynyň ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýe bolan çäre hemmelerde ýakymly duýgulary döretdi. Bu çärä işjeň gatnaşan çagalara hormat hatlary gowşuryldy.

Orazjemal ÝOLDAŞOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.