«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024
Her paslyň öz aýratynlyklary bar. Gyş — ajaýyp we täsin döwür. Bu pasyl şeýle bir syrly we özüneçekiji. Tebigatyň düýpgöter üýtgemegi, daş-töweregiň gözelligi gyş paslynda has göze ýakymly görünýär. Köp adamlar gyş paslyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar, sebäbi täsin, ýatdagalyjy pursatlar gyş paslynda amala aşýar. Bu pasyl hemmäni özüne çekip, uly ýaşlylary hem çaga dünýäsine itekleýär. Sebäbi gözelliklere beslenen gyş uly-kiçi hemmäni öz täsinligine çekýär. Durmuşymyzda iň täsin zatlar biziň ýadymyzdan çykmajak pursatlary döredýär. Beýle pursatlar, esasan-da, gyş paslynyň berýän gözelligi bilen biziň ýadymyza pugta ornaşýar.