Çagalar, hany aýdyň, haýsyňyz surat çekip bilýärsiňiz?! Şu wagt köpiňiziň «Men-de men» bolşanyňyzy bilýärin. Sebäbi biziň ýurdumyzda zehinlije, onda-da çeperçilik sungatyna ukyplyja çagalar juda kän. Ine, şolaryň birnäçesi Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebinde okaýar.
Bu mekdebiň Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen mundan 14 ýyl ozal täzeden açylandygyny aýratyn nygtamak gerek. Geçen ýyllaryň dowamynda häzirki wagta çenli ýurdumyza belli nakgaşlar, heýkeltaraşlar we çeperçilik sungatynyň beýleki wekilleri bolup ýetişen ýaşlaryň ençemesi hut şu mekdebiň uçurymlary.