Watançylygyň buýsançly kelamy

13 Dekabr 2024
128

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny okanyňda, onuň halkymyzyň şöhratly taryhyna bagyşlanan ajaýyp eserdigine göz ýetirýärsiň. Kitabyň ilkinji sahypalarynda alym Arkadagymyz bu hakykaty filosofik pikirleriň üsti bilen şeýle beýan edýär: «Adamzat taryhyna mahsus islendik ösüşiň gözbaşy hem, çürbaşy hem ynsanlar bilen bagly. Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler».

Kitabyň «Taryha syýahat» atly birinji babyndaky «Taryh şu ýerden başlanýar», «Änew medeniýeti», «Bürünç zamanynyň medeni ojaklary», «Beýik Seljuklar döwri», «Horezmşalar döwleti» ýaly bölümler okyjyny türkmeniň müňýyllyklara uzaýan ýolundaky şöhratly menzillere alyp gidýär. «Ruhy miras» diýlip atlandyrylan ikinji bapdaky «Zehin aýdyňlygy, paýhas käni», «Oguznama» – dünýä baýlygy», «Täsin söhbediň beýany», «Hazyna eýesine hazynadar diýerler», «Döwletliniň döwlet gözbaşy», «Gadymy heňňamyň aýdymy» ýaly bölümlerde türkmen halkynyň durmuş filosofiýasynyň ajaýyp ýörelgeleri, milli gymmatlyklar barada giňişleýin söhbet edilýär.

Döwletgeldi ÝAZBERDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň dekanynyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.