“Ynsan ýaşaýşyna ylym derwaýys”

10 Dekabr 2024
80

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli pudaklar üçin giň dünýägaraýyşly, çuňňur pikirlenip bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak giň gerimde dowam edýär. Häzirki wagtda ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen, innowasion enjamlar gündelik durmuşymyzda wajyp oruna eýe boldy. Şeýle innowasion tehnologiýalary öwrenmek we olardan doly baş alyp çykmak üçin köp okamaly, şeýle-de dünýäniň dürli dillerini düýpli öwrenmeli. Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Täze eýýamda ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, kuwwatyny, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri ylym-bilim pudagy bolup durýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Bilim bagtyýar geljegimiziň, jemgyýetiň hem-de döwletiň sazlaşykly ösüşiniň mizemez binýatlarynyň biridir” diýip örän jaýdar belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdymyzda ylym-bilimi ösdürmek bilen bir hatarda dünýä dillerini öwrenmäge-de uly mümkinçilikler döredýär. Ösen dilleri bilmek, dünýä ylmyny öwrenmäge giň ýol açýar, dünýägaraýşymyzy has giňeldýär. Çünki, tehnikanyň, tehnologiýalaryň, dürli tilsimatlaryň ösen eýýamynda dünýäni açmak, ony özleşdirmek ilkinji nobatda, bilime, onda-da çeper, kämil bilime degişlidir.

Sona ÝUSUPOWA,
Çärjew etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň informatika mugallymy.