Parahatçylyk söýüjiligi goldaýan,wagyz edýän halkymyz Bitaraplyk we parahatçylyk düşünjelerini aýrylmaz baglanyşykly düşünjeler hökmünde kabul edýär. Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde öz üstüne alan halkara hukuk borçnamalaryna daýanyp, daşary döwletler bilen gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda guraýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň daşary syýasatynda, ilkinji nobatda, ýakyn goňşy döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýär.