Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan asylly başlangyçlaryny has-da rowaçlandyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda belent ruhy-ahlak ýörelgelerimiz, beýik ynsanperwer däplerimiz, medeni-ruhy gymmatlyklarymyz esasynda jemgyýetimizi we döwletimizi sazlaşykly ösdürmäge, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da berkitmäge ähmiýet berilýär. 11-nji dekabrda Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmaklarynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berilmegi hem halkymyzyň köpasyrlyk milli ýörelgeleriniň, maşgala gymmatlyklarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýany boldy.
Sadaka Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.