Ýangyn howpsuzlygy adamlaryň jany we saglygy, eýeçiligi, daşky gurşawyň abadançylygy babatynda ýokary derejede howpy saklaýandygy sebäpli, özi babatda ýyllaryň dowamynda gazanylan tejribä hem-de döwrebap bilimlere daýanýan çemeleşmäni talap edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň abadanlygy, ilimiziň bagtyýarlygy ugrunda döwletli işler amala aşyrylýar. Şundan ugur alyp, şu ýylyň martynda redaksiýamyzda her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen «Ýurt abadan — il bagtyýar» atly döredijilik bäsleşigi yglan edilipdi.
Bäsleşige dürli ulgamlardan ýaşlar gatnaşyp, olar ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini wagyz-nesihat edýän mowzuklardan birnäçe ugurlar boýunça çykyş etdiler. Ýakynda, ýagny 6-njy dekabrda bäsleşigiň jemi jemlenilip, eminler tarapyndan mynasyp görlen ýeňijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Biz hem olaryň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik.