Jemgyýet we ynsanperwerlik

12 Dekabr 2024
90

Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagy,  «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň durmuşa mäkäm ornaşmagy üçin uly işler alnyp barylýar. Durmuş ulgamy döwletiň ykdysady we durmuş ösüşiniň ýagdaýyny kesgitleýän görkezijileriň biri bolup, ilkinji nobatda, ol ähli raýatlarymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň durmuş goraglylygyna mätäç raýatlara pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik we durmuş taýdan hyzmat etmek boýunça döwlet ulgamyndan ybaratdyr.

Islendik jemgyýetiň ösüşi ilatyň ýaşaýşy, hususan-da, zähmete bolan hukuklaryň we kepillikleriň üpjün edilişiniň, durmuş goragyna mätäç adamlara döwlet tarapyndan goldaw berlişiniň derejesi bilen kesgitlenilýär. Bu kadalar adam hukuklary babatda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilýän konwensiýalarda we ylalaşyklarda ykrar edilýän binýatlaýyn ýörelgelere daýanmak bilen, raýatlaryň durmuş hukuklarynyň goralmagyny hem-de goldanylmagyny üpjün edýär.

Didar ORAZOW,
Daşoguz welaýatynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.