Gyş paslynyň gelmegi uludan-kiçä hemmeleri begendirýär. Sebäbi gyş paslynyň ortaky aýy iň gowy baýramçylyk — şatlyk-şowhun bilen Täze ýyl gelýär.
Täze ýyl örän üýtgeşik, jadyly baýramçylyk. Ynha, ýene-de bu jadyly baýramçylyga sanlyja gün galdy. Täze ýyl baýramçylygyna ulularam garaşýandyr welin, çagalaryň begenjini hiç zat bilen deňemek mümkin däl. Ähli adamlar Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli otaglaryny, ýaşyl öwsüp duran arça agajyny dürli görnüşli jäjekler, her hili reňkde öwsüp duran girlýandlar bilen bezeýärler. Menem adat bolşy ýaly, ähli aladamy dynç gününe goýupdym. Ol günem ýetip geldi. Adatça, her dynç güni säher bilen oýanman, biraz ýatýardym. Näme üçindir, bu gün säher bilen oýandym. Hemişeki endigime görä, penjiräni açyp, daş-töweregi synladym. Bar ýeri ap-ak gar basypdyr, özüniň owadan altyn şuglasyny saçýan Günüň şöhlesine ähli ýer edil künji sepilen ýaly, ýyldyraşyp, tebigatyň gözelligine görk goşýardy. Bu gözelligi synlap, göwnüm göterildi. Gowy görýän aýdymyma hiňlenip, öý işlerine güýmendim. Derrew öý-içerini tämizläp, otagymyzdaky Täze ýyl arçasyny bezemäge başladym.