Zenjebil (imbir)

11 Dekabr 2024
230

Zenjebil ajyja tagamy we ýakymly ysy bilen tanalýan tebigy ösümlik bolup, dermanlyk hökmünde ulanylýar. Ol Ýaponiýada, Hindistanda, Indoneziýada hem-de Hytaýda tropiki we ýarym tropiki howa şertlerinde ösýär. Onuň esasy ulanylýan bölegi köki bolup, daşky gabygy goňur, içi bolsa sary reňklidir. Zenjebiliň düzüminde beloklar, ýaglar, uglewodlar, witaminler, suw we mikroelementler bar. Ol saglygy goraýyş pudagyndan başga-da, köplenç, gazly we gazsyz içgi önümleriniň, ys berijileriň we kosmetiki şerişdeleriniň düzüminde ulanylýar.

Zenjebil nämelere peýdaly?

Laçyn BÄŞIMNYÝAZOWA,
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň şepagat uýasy.