Türkmenistan Russiýa syýahat etmek üçin raýatlary bitewi elektron wiza alyp bilýän döwletleriň täzelenen sanawyna giren ýurtlaryň hatarynda boldy. Degişli karara Russiýanyň Hökümetiniň baştutany Mihail Mişustin gol çekdi. Bu barada RF-niň Hökümeti anna güni habar berdi.
Türkmenistandan başga-da bu sanawa Barbados, Butan, Iordaniýa, Keniýa, Papua-Täze Gwineýa, Sent-Lýusiýa, Tonga, Trinidad we Tobago hem-de Eswatini döwletleri goşuldy. Şol bir wagtda Serbiýa we Andorra wizasyz syýahat etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşygyň baglaşylmagy netijesinde bu sanawdan aýryldy.