Baky bagtyň şuglasy

10 Dekabr 2024
319

Türkmenistan dünýäde parahat ýurt, asudalygyň mekany hökmünde tanalýar. Halkymyzyň asylly ýörelgesinden gözbaş alýan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz halklaryň arasyndaky dost-doganlygy ösdürmekde hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyryp, belent derejelere ýetirýär.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda ýurdumyza hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi berildi. Şu ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýuny toýlaýarys. Şol döwürden bäri ýurdumyzda syýasy, ykdysady we medeni taýdan beýik üstünlikler gazanyldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ikinji gezek kabul edilmegi taryhyň altyn sahypalaryna ýazyldy. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň, halkymyzyň we umumadamzadyň bähbidine gönükdirilen beýik işleriniň rowaçlygyny görkezdi.

Kemal TÄÇMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.