Baýramçylyk sowgady

9 Dekabr 2024
158

Düýn — 9-njy dekabrda Gyzylarbat etrabyndaky Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Balkan welaýatynyň Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň Gyzylarbat etrabynyň pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze, üç gatly edara binasynyň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabara buýsançly wakalaryň biri boldy. Ol Halkara Bitaraplyk güni — hemişelik Bitaraplygymyzyň ýetip gelýän şanly 29 ýyllygynyň şanyna geçirilen çäreler bilen utgaşyp, ýokary ruhubelentlige beslendi.

Bu binanyň açylyş dabarasynda çykyş edenler ýurdumyzyň oba-şäherlerini gözel görnüşe getirmek, islendik ulgamda zähmet çekýän hünärmenleriň iş şertlerini dünýä derejesine çykarmak barada edýän irginsiz aladalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Dabarada ýaýbaňlandyrylan medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazlarynda, tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlarda gazanylýan buýsançly ösüşler wasp edildi.

Toýbibi ANNAÝEWA,
TDP-niň Balkan welaýat bölüminiň partiýa guramaçysy.