Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyz daşary syýasatda hoşniýetli, özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Eziz Diýarymyz bilen köpugurly gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanmalaryň barha artýandygy hemişelik Bitaraplygymyzyň hem-de «Açyk gapylar» syýasatynyň möhüm ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.
Halkara gatnaşyklarda gazanan milli tejribämiz bütin dünýäde uly gyzyklanma eýe bolýar. Şonuň netijesinde, ata Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk halkara hukuk derejesi öz ähmiýetini barha artdyrýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen dünýäniň syýasy senenamasynda täze baýramçylygyň — Halkara Bitaraplyk gününiň döredilmegi bolsa ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň parahatçylyk söýüjilige, özara bähbitli hyzmatdaşlyga we hoşniýetli gatnaşyklara daýanýandygynyň möhüm görkezijisidir.