Adamzat kalbynyň öçmez çyragy

9 Dekabr 2024
173

Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp goşgulary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň ruhyýetine kybap gelýär. Çünki nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Şunuň bilen baglylykda, beýik akyldarymyzyň dünýäde tanalmagynda ilkinji hyzmatlary bitiren alymlar barada söhbet etmek ýakymly bolsa gerek.

Magtymguly Pyragynyň dünýä jemgyýetçiliginde tanalmagynda ädilen ilkinji ädim polýak jemgyýetçilik işgäri, gündogarşynas we şahyr Aleksandr Hodzko-Boreýko degişlidir. Ol türkmen halk döredijiligi we nusgawy edebiýaty bilen Ýewropa okyjylaryny tanyşdyran ilkinji alymlaryň biri bolup, 1842-nji ýylda Londonda çap edilen «Specimens of popular Persian poetry» («Persiýanyň meşhur poeziýasyndan nusgalar») atly kitabynda «Görogly» eposyndan bölekleri, Mämmetweli Keminäniň iki goşgusyny, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň üç goşgusyny we ömrüne, döredijiligine degişli maglumatlary ýerleşdiripdir.

Annamyrat MYRADOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.