Surat albomy geçmişi şu gün bilen baglap, ýatlamalardan gujagyny dolduryp, islendik wagt şol geçen günleri gaýdyp berýär. Kir-kimirsiz çagalyk ýyllarymy indi yzyna dolap bilmesem-de, suratlarda doňup galan günlere gözüm düşende welin, süňňümi üýtgeşik bir duýgy gaplap alýar. Ol wagtlar surata düşmegi halamasam-da, ejem suratçy daýyny öýe getirip, doganym ikimizi surata düşürerdi. Şol pursatlarda doňup galan keşbimizde bagt, şatlyk pürepürlenip, şu günümize-de täsirini ýetirip dur. Täze ýyl baýramçylygynda Aýazbabanyň öňünde ellerimizi galgadyp aýdan goşgularymyz häzir ýadymyza düşmese-de, şol günleriň ýatlamasy bolup, bizi ýylgyrdýar.
* * *