Kitap her bir adam üçin ruhy zerurlyk bolup durýar. Kitap okamak nesilden-nesle geçirilipdir hem-de goralyp saklanypdyr. Asyrlarboýy adamlara hyzmat edip gelen kitaplaryň golýazma nusgalarynyň ýüzlerçesi Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kitaplary dikeltmek hem-de rejelemek bölüminde özüniň ikinji ömrüne eýe bolýar. Gadymy golýazmalary rejelemek we saklamak işleri bu ýerde golýazma gaznasynyň döredilen wagtyndan bäri amala aşyrylyp gelinýär.
Institutyň golýazma gaznasy — bu golýazmalaryň örän aýawly saklanylýan asyl nusgalarynyň hem-de ýazuw ýadygärlikleriniň jemlenen ýeri. Arap dilinde ýazylan golýazmalaryň her biri göçürme nusgasy hem, önümçiligiň ýeke-täk önümi hem bolup biler. Gadymy golýazmanyň her biri iki gymmatlyga eýedir. Olaryň ilkinjisi habar häsiýetli bolsa, ikinjisi aýratyn medeni gurşawda döredilip, halkyň milli ýadygärlikleriniň arasynda ähmiýetli orna eýe bolan taryhy resminama hökmünde bellidir. Golýazmanyň düzüm bölekleri onuň döredilen wagtyndan habar berýän gymmatlykdyr. Onuň ähmiýeti hakykylygy, sahypa göwrümi, özboluşlylygy, taryhy gymmaty, sosial we ruhy jähetleri öz içine alýan habaryň häsiýetine baglylykda kesgitlenilýär. Şol sebäpli ýazuw ýadygärlikleriniň saklanylmagy we rejelenmegi öňi bilen olara aýawly çemeleşmäni talap edýär.