Garagum sährasynyň haýwanat dünýäsi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde oňurgasyz we oňurgaly haýwanlaryň, guşlaryň, süýrenijileriň, süýdemdirijileriň köp görnüşlerine gabat gelmek bolýar. «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň çäklerinde duşýan süýdemdirijileriň biri-de gum pişigidir.
Ylma mälim bolan ilkinji gum pişigi Alžiriň Saharasyndan tapylyp, 1858-nji ýylda bu barada habar berilýär. Şu güne çenli Marokkoda, Alžirde, Nigeriýada, Çadda, Müsürde, Arap ýarymadasynda we Ýakyn Gündogaryň birnäçe ýurtlarynda gum pişigi hasaba alyndy. Merkezi Aziýada 1925-nji ýylda Garagum sährasynda ilkinji gezek bu jandaryň bardygyny görýärler. Ol 1960-njy ýyllaryň ahyryna çenli Üstýurt düzlügine, Köpetdaga, Amyderýa we Syrderýa aralygyna (Gyzylgum), Garaguma ýaýrap başlaýar. Ilat sanynyň köpelmegi hem-de tebigy şertleriň üýtgemegi nazara alnyp, gum pişigi Tebigaty we tebigy baýlyklary goramak boýunça halkara bileleşik tarapyndan hasaba alynýar.