Bilim ulgamy: ösüş we halkara hyzmatdaşlyk

1 Dekabr 2024
433

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda kabul edilen milli maksatnamalardyr meýilnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, bu ulgamy sanlylaşdyrmak, onuň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, dünýäniň bilim giňişliginde eýeleýän ornuny has-da berkitmek boýunça möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijesinde bilim edaralarynyň innowasion mümkinçilikleri ýokarlanýar, täze hünärler we taýýarlyk ugurlary açylýar, okuwa kabul edilýän talyplaryň sany artýar, okuwlaryň hili düýpli kämilleşýär, uzak aralykdan bilim bermek işi ýola goýulýar, ýokary hünär mekdepleri dünýä tejribesinde giňden ýaýran iki derejeli ulgama geçirilýär, bilim çygrynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň amala aşyrylýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýokary hünär bilimi edaralarynda bilimiň, ylmyň we önümçiligiň arabaglanyşygyny üpjün edýän täze düzüm birliklerini girizmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlendi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda bilim ulgamyny, şol sanda ýokary hünär bilimini berýän okuw mekdepleriniň işini düýpli özgertmegi ugur edinýän strategiýa durmuşa geçirilýär. Bu döwlet strategiýasynyň çäklerinde bilimiň özgerdiji güýjüni innowasion ösüşiň bähbidine ulanmak wezipesine aýratyn ähmiýet berilýär. «Bilim hakynda» rejelenen görnüşdäki Türkmenistanyň Kanunynyň 3-nji maddasyna laýyklykda, bilim ulgamynyň ylym we önümçilik bilen utgaşmagy hem-de onuň beýleki ýurtlaryň bilim ulgamlary bilen arabaglanyşygy bilim çygrynda döwlet syýasatynyň möhüm ýörelgeleriniň hatarynda görkezilýär. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu gün Türkmenistanyň ýokary hünär bilim edaralary halkara reýting sanawlarynda mynasyp orun eýelemek bilen çäklenmän, eýsem, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hem mynasyp goşant goşýarlar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde ýakynda — şu ýylyň 20-nji noýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumyna türkmen tarapynyň üstünlikli gatnaşandygyny görkezmek bolar.

Baýram TAŇRYBERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory, ykdysady ylymlaryň kandidaty.