Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde tebigatyň waspy

29 Noýabr 2024
343

Halkymyzyň asyrlarboýy ene topraga söýgüsi tebigat bilen sazlaşykly ömür sürmäge ruhlandyryjy güýç bolup gelipdir. Şonuň üçinem, söz ussatlarymyz tebigaty gözel baga, adamyň kalp mährini topraga, ýürek söýgüsini bolsa teşneligi gandyrýan suwa meňzedipdirler. Tebigatymyzyň owadanlygyny, gözelligini wasp etmedik şahyr ýok bolsa gerek. Tebigatyň mizemez owadanlygyny ýürege barýan şirin sözleri bilen şahyrana wasp eden şahyrlarymyzyň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Magtymguly Pyragy türkmen tebigatynyň ajaýyplygyny, onuň syrlaryny öz goşgularynda çeper beýan etmegi başaran, gaýtalanmajak türkmen tebigatynyň waspyny dünýä ýaýan söz ussadydyr. Şeýle-de, türkmen halkynyň beýik akyldar şahyrynyň filosofiýasy ynsanperwerlige, şol sanda, ekologiki ynsanperwerlige esaslanyp, adamda Watana bolan söýgini, tebigata we onuň baýlyklaryna aýawly garamagy hem-de geljekki nesiller üçin aýap saklamak duýgularyny döredýär. Magtymgulynyň filosofiýasynda adam bilen tebigatyň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşygyna, onda ekologiki medeniýetiň kemala gelmek meselelerine uly orun berilýär.

Şahyryň döredijiliginde mähriban ülkämiziň tebigaty aýratyn orun tutýar, ol akyldaryň adamyň durmuşy  baradaky filosofiki  pikir ýöredişinde jemgyýet bilen tebigata salgylanýar. Magtymgulynyň eserlerinde tebigat gaýtalanmajak gözellik bilen sazlaşykly şekillendirilýär hem-de daşky tebigatdan alnan janly keşpler janlandyrylýar. Adamzadyň geljegi baradaky oýlanmalary üçin tebigat möhüm esas bolup durýar. Şol nukdaýnazardan seredilende dana şahyrymyz diňe bir tebigaty goramaklyga oňa aýawly göz bilen seretmäge çagyrmak bilen çäklenmän, eýsem, her bir goşgysynda türkmen tebigatynyň ajaýyp waspyny bir kemsiz suratlandyrýar.

Diýar YHTYÝAROW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.