Türkmenistan — halkara zähmet guramasy: durmuş abadançylygynyň bähbidine

29 Noýabr 2024
188

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmegi zerur hasaplaýaryn. Bu Konsepsiýa iş üpjünçiligi boýunça halkara guramalar, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, hususan-da, Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmakda möhüm ädim bolar diýip pikir edýärin» diýip belledi. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň bu abraýly edarasy bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyz üçin möhüm ähmiýete eýediginiň ýene bir aýdyň mysaly boldy. Şu jähetden ugur alyp, Halkara Zähmet Guramasynyň işi, düzgünleridir ugurlary barada giňişleýin söhbet etmegi makul bildik.

Halkara Zähmet Guramasy (HZG) BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi hökmünde zähmet gatnaşyklaryny we durmuş üpjünçilik meselelerini düzgünleşdirýän köptaraplaýyn halkara edaradyr. Ol 1919-njy ýylda Wersal parahatçylyk şertnamasynyň esasynda Milletler Bileleşiginiň ýanynda özbaşdak gurama hökmünde döredildi. Guramanyň Düzgünnamasynyň 2-nji maddasyna laýyklykda, onuň esasy edaralary Halkara Zähmet konferensiýasy, Administratiw geňeş we Sekretariat — Halkara zähmet býurosydyr. HZG-niň edaralarynda üçtaraplaýyn düzümiň, ýagny hökümetiň, iş berijileriň we işgärleriň wekilçiliginiň bolmagy onuň esasy aýratynlygy bolup durýar. Guramany döredijileriň pikirine görä, bu aýratynlygyň oňaýly tarapy hökümetleriň kömegi bilen iş berijileriň we işgärleriň arasyndaky gepleşiklere ýardam etmekden ybaratdyr.

Emir HAKBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmeti kadalaşdyrmak we zähmet haky müdirliginiň başlygy.