Häzirki ýaly ýadymda. Köçämizde ýaşaýan on-on iki ýaşly goňşy oglanjyklar bagymyza erik iýmäge geldiler. Ol oglanlaryň biri elýeterindäki eriklere kanagat etmän, şaha dyrmaşdy. Birdenkä ol oglanjygyň aýagy typdy-da, erik şahalarynyň birini döwüp, aşak gaçdy. Kakam bilen erikden typyp ýykylan goňşy oglanjygyň ýanynda häzir bolduk.
Eken bagyny eý görýän kakam şahany döwenligi üçin goňşy oglanjyga käýär diýip pikir etdim.